logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Bitaraplyk-bagtym meniň
  10.12.2019
5656
Bitaraplyk-bagtym meniň

      Ata Watanymyzy şöhratly geljegimiziň röwşen ertirlerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda günlerimiz toýlara, şanly wakalara, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň, egsilmez güýç-kuwwatyň mizemez bagtyna öwrülen Halkara Bitaraplyk baýramyna bagtyýar halkymyz, zähmet üstinlikleri, zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.

     Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň  Berkarar şäherçesiniň medeniýet öýünde Ak bugdaý etrap Merkezi kitaphanasy, şeýle-de Berkarar şäherçesindäki kitaphana şahamçasy bilen bilelikde ,,Bitaraplyk-bagtym meniň’’ diýen at bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen döredijilik duşuşyga Ak bugdaý etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymlary, ýokary synp mekdep okuwçylary, etrap medeniýet bölüminiň işgärleri, Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň arçynlygynyň wekilleri, şeýle-de dili senaly ýaşulylar, mährem eneler gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda ,,Bereketli toprak’’ gazetiniň işgäri, şahyra Altyn Baýramdurdyýewanyň, Ak bugdaý etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy Akgül Abdullaýewanyň okan goşgy setirleri, Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli eden buýsançly çykyşlary döredijilik duşuşygyna gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ak bugdaý etrap Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy dabara özboluşly bir öwüşgin çaýdy. Şeýle-de Ak bugdaý etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň ,,Aýsoltan’’ tans toparynyň tansçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe milli tanslar dabara  özboluşly bir many berdi. Döredijilik duşuşygynda Hormatly Prezidentimiziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan eserlerinden, edebi kitaplardan gurnalan kitap sergisi döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň eserleri bilen içgin tanyşdylar. Şeýle many-mazmunly aýdym-sazly medeni çäreleriň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň watansöýüjilik duýgylarynyň has-da berkemegine, kämilleşmegine özüniň uly täsirini ýetirýär.