logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Bitaraplyk -baky bagtym, buýsanjym!
  06.12.2021
1005
Bitaraplyk -baky bagtym, buýsanjym!

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz tutuş toý ruhuna beslenip «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»  ýylymyzda türkmen halkymyz Baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygyny uly şatlyk-şowhun bilen bellemeklige şu wagtdan ýokary derejede taýýarlyk görýärler.

Bitaraplyk munuň özi “neutralitet” diýen latyn sözünden gelip çykyp, hiç bir tarapa degişli däl diýen manyny aňladýar. Bitaraplygyň birnäçe görnüşleri mälimdir. Olar: şertnamalaýyn bitaraplyk, ewentual bitaraplyk, hemişelik bitaraplyk. Dünýäde ilkinji hemişelik Bitarap döwlet bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr. Bizden öň hem Bitaraplyk alan dünýä döwletleri hem bar, ýöne olaryň Bitaraplygy hemişelik däldir. Ol döwletlere Şweýsariýa,  Awstriýa ýaly döwletler degişlidir.

Halkara gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşýän, dünýäniň globallaşýan döwründe bitaraplyk ýörelgesi täzeçe mana eýe bolýar. Çünki bu syýasy-hukuk derejäniň halkara gatnaşyklaryndaky möhüm ähmiýeti tutuş adamzat jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Ýeri gelende bellesek, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň umumadamzat bähbitli bütin dünýäde parahatçylygy berkitmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde ynsan ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky alyp barýan işlerine özüniň uly goşandyny goşýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde BMG tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýanyň ikinji gezek tassyklanylmagyny, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegini, paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýändigini aýdyp bileris.

Häzirki wagtda çenli ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, asudalyk ýörelgelerini halkara gatnaşyklarynyň möhüm guralyna öwürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirildi we häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.