logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bitaraplyk-baky bagtymyz
  28.02.2020
1013
Bitaraplyk-baky bagtymyz

    Babadaýhan etrap häkimliginde “Türkmenisan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, TDP-niň etrap komitetiniň, etrap Bilim bölüminiň we etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan” atly şygar astynda dabaraly maslahat çäresi geçirildi. Dabaraly maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada giňişleýin söhbet etdiler.  Şeýle-de maslahatda ýurdumyzyň Baky Bitaraplyk derejesiniň esasynda we “hoşniýetli goňşuçylyk” gatnaşyklary syýasatyny öňe sürmegi bilen bilelikde, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy üpjün ediji we islendik ugra degişli bolan meseleleri diňe netijeli gepleşikleri geçirip parahatçylykly ýol bilen çözmegiň tarapdary bolan döwletdigini, şonuň netijesinde bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ikinji gezek hem ykrar edilmegini uly buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr-sazlar belentden ýaňlandy.