Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk baýramy – parahatlyk aýdymy!
  02.12.2022
6255
Bitaraplyk baýramy – parahatlyk aýdymy!

Batly ösüşlerden, ýeňişli menzillerden doly günleri toý-baýramlara beslenýän eziz Watanymyzda her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni uly dabara bilen bellenilýär. Bu se­ne Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn orun tut­ýar, çün­ki şol seneden soň Bitarap döwletimizde al­nyp ba­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bü­tin dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bo­ldy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýörelgesi ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly git­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rmek bilen hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­riň bag­ty­ýar hem-de aba­dan dur­mu­şy­nyň bin­ýa­dy­na öw­rül­di.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. BMG ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len dün­ýä­niň ýe­ke-täk bi­ta­rap döwlet bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 27 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we yla­la­şyk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge we yna­nyş­ma­ga esas­lan­ýan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň bäh­bi­di­ne dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge ça­lyş­ýan döw­let hök­mün­de Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny bar­ha be­len­de gal­dyr­ýar.

Halkara Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len yl­my mas­la­hat­lar, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Joşguna hem şatlyga beslenýän me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri ynsanlara baýramçylyk ruhuny paýlap, göwünleri galkyndyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­menistan döwletimiziň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­niň berk bin­ýa­dy­na öw­rül­ýär. Hal­ky­my­zyň mil­li ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­laş­ýan hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň se­bit­de parahatçylygyň hem dostanalygyň sak­lan­ma­gy­na hyz­mat ed­ýän­di­gi bag­ty­ýar wa­tan­daş­la­ry­my­zy çäk­siz buý­san­ja bes­le­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myza esaslanýan ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny giňden da­ba­ra­lan­dyr­ýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!  

 

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrabynyň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.