Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk bilen ýollar nurana, ýaş nesiller bu gün bagta rowana!
  08.12.2022
458
Bitaraplyk bilen ýollar nurana, ýaş nesiller bu gün bagta rowana!

Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik başlangyçlary bilen şöhratlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan parahatsöýüjilikli, dostana gatnaşyklary barha pugtalanýar. Bu dostana gatnaşyklar eziz ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa galdyrýar. Baky Bitaraplygymyzyň goýnunda parahatçylygyň nury bilen rowaçlanýan döwrümizde ýaş nesilleriň halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, asyrlar boýy sünnäläp gelen ruhy-ahlak gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan, Bitaraplygymyzyň türkmen nusgasynyň gymmatyna düşünýän kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Rowaçly özgerişlerden, beýik ýeňişlerden püre-pür bagtyýar günleri toýlara beslenýän eziz Watanymyzda her ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni uly dabara bilen bellenilýär. Bu möhüm se­ne ýurdu­my­zyň ta­ry­hyn­da esasy orun tut­ýar, bu taryhy seneden soň Bitarap döwletimizde al­nyp ba­ryl­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­si, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry bü­tin dün­ýä­de uly gol­da­wa eýe bo­ldy. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýörelgesi ýur­du­my­za yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ösüş ýo­ly bi­len ynam­ly git­mä­ge, bagtyýar ýaşlary bagta gujak açýan nurana ýollarda üstünliklere atarmaga müm­kin­çi­lik be­rmek bilen aba­dan dur­mu­şy­myzyň berk bin­ýa­dy­na öw­rül­di. Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ruhunda kök uran milli ýörelgämiziň düýp özenidir. Hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjligi, abadan ili, asudalygy goramak, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak ýaly milletimiziň gadymdan bäri dowam edip gelýän aýratynlyklary jemlenendir. Ata-babalarymyz hemişe goňşulary bilen duz-çörekli gatnaşypdyr, birek-birege sarpa goýmak milletimiziň aňyna siňipdir. Parahatçylygyň ilçisi bolan hemişelik Bitaraplygymyz bu gün dillerde sena eýlemäge mynasypdyr. Halkara Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len dabaraly mas­la­hat­lar, joşgunly baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa her bir türkmen raýatynyň, bagtyýar ýaşlaryň ruhuna ruh, buýsanjyna buýsanç goşýar, kalplara dostanalyk hem mähir paýlaýar.

Hemişelik Bitaraplyk derejämizden gelip çykýan parahatçylykly hem ynsanperwer syýasaty alyp barýan, dünýä ýurtlary bilen dostana gatnaşyklary has-da berkitmekde beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň joşgunly ýaňy buýsançly kalplarda parahatçylygyň owazy bolup ýaňlansyn! 

 

Aýjahan OSMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.