logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi
  03.01.2026
439
«Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi

Täze ýylyň öňüsyrasynda Senagatçylar we telekeçiler halkara uniwersiteti tarapyndan Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili boýunça bäsleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Bu zehin bäsleşigine iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 67 sany umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerden 200-e golaý ýokary synp okuwçysy gatnaşdy. Gatnaşyjylar dil taýýarlygynyň ýokary derejesini, iňlis dilini erkin bilýändiklerini, şeýle hem döredijilik ukyplaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny görkezdiler.

 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça I, II we III orunlary eýelän okuwçylar, şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolanlar kesgitlenildi. Iň tapawutlanan gatnaşyjylar degişli derejeli diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

 

Bu bäsleşigiň guralmagy bilim ulgamynda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine, zehinli ýaşlaryň goldanylmagyna, şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmagyň halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

 

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.