logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Bitaraplyk - Milli buýsanjymyz
  30.11.2023
999
Bitaraplyk - Milli buýsanjymyz

Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan yglan edilen hem-de durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýä ýurtlarynyň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly hem-
de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedidir.

 

 

Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Baky Bitaraplyk - bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

 


Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary bilen örän ykjam, ysnyşykly we dostlukly gatnaşyklary ýola goýdy. Öz gözbaşyny edim-gylymyndan, däp- dessuryndan, medeni mirasyndan alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň sözüň doly manysynda nusgawy Bitaraplykdygyny we onuň Ýer ýüzüne giňden dabaralanýandygyny döwür
aýdyň subut edýär.

 

 

Bagdagül REJEPOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň Jemgiýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.