Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bitaraplyk parahatçylygyň binýady
  20.02.2020
511
Bitaraplyk parahatçylygyň binýady

     Ynha şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýüniň mejlisler zalynda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan çözgütleri, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, parlamentimiziň iki palataly ulgama geçmekligi  barada halk köpçüligine giňişleýin düşündirmek maksady bilen, şeýle-de 2020-nji ýyl ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýyly mynasybetli  giňişleýin wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ak bugdaý etrap Bilim bölüminiň, etrap saglyk öýüniň , medeniýet öýüniň işgärleriniň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresi aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Bu geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň gün tertibi Syýasy jemgyýetimiziň möhüm çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisiniň  çözgütlerinden gelip çykýan wezipelerini halk köpçüligine ýetirmek maksadyndan ybarat boldy.

    Maslahaty TMÝG-nyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy M.Ballykow açmak bilen şu günki maslahata gatnaşyjylary wagyz-nesihat çäresiniň gün tertibi bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Soňra maslahatyň dowamynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, ýaşuly Mommadow Nurýagdy, etrabyň 17-nji orta mekdebiniň müdiri, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty Öräýew Möwlam, TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Könäýewa Çemen, Etrap Halk Maslahatynyň başlygy, Ak bugdaý etrap Hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Otuzow Nurmuhammet, Ak bugdaý etrap Prokurorynyň kömekçisi, III-derejeli ýurist Akmämmedow Hemra, Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň işgäri Çaryýew Maksat, şeýle-de TMÝG-nyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Öwezow Döwletnazaryň eden çuň manyly çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda  aýratyn bir täsir galdyrdy. Ähli edilen çykyşlarda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan çözgütler, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, parlamentimiziň iki palataly ulgama geçmekligi, şeýle-de 2020-nji ýyl ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durlup geçildi we Hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözler ýaňlandy. Şeýle geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri kalby buýsançdan doly bagtyýar raýatlarymyzyň syýasy düşünjeleriniň kämilleşmegine, jemgyýetçilik düşünjeleriniň ösmegine, Ata Watanymyza bolan söýgüleriniň has-da artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.