Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy-innowasion pikirlenmäni ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (TIT we UKI) tarapyndan “Biznes-Intellekt” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýaşlaryň döredijilikli taslamalaryny goldamak, olaryň intellektual eýeçilik ugurly işlerini höweslendirmek hem-de täze pikirleri amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança boldy.
Bäsleşige dürli ugurlardan gatnaşan talyplar özleriniň innowasion taslamalary bilen çykyş edip, hünärmenlerden düzülen eminler toparynyň öňünde gorag etdiler. Taslamalaryň arasynda tehnologiýa, ykdysadyýet we senagat pudaklaryna degişli öňdebaryjy çözgütler aýratyn tapawutlandy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Çüriýew Meýlis “Turbageçirijide akdyrylýan gazyň syzyjylygyny kesgitleýji robotyň programma üpjünçiligi” atly taslama işi bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Bu taslama gaz geçiriji ulgamlarda howpsuzlygy ýokarlandyrmak we mümkin bolan syzyjylyklary wagtynda ýüze çykarmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, Çüriýew Meýlis aýratynlykda geçirilen ses bäsleşiginde hem ýokary ussatlygyny görkezip, 1-nji orny eýeledi. Bu üstünlik onuň diňe bir tehniki taýdan däl, eýsem döredijilik ugurlarynda hem ukyplydygyny görkezýär.
“Biznes-Intellekt” bäsleşigi ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň täze pikirlerini ýüze çykarmak hem-de geljekde milli ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup durýar.