logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /BMG: Dünýä ilaty 8 milliarda ýetdi
  15.11.2022
1040
BMG: Dünýä ilaty 8 milliarda ýetdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy 15-nji noýabrda dünýä ilatynyň 8 milliarda ýetendigini habar berdi. Gazna tarapyndan çap edilen hasabatda dünýä ilatynyň 2030-njy ýylda 8,5 milliard, 2050-nji ýylda 9,7 milliard we 2100-nji ýylda 10,4 milliard bolar diýlip çaklanylýar.

Dünýäde ilatyň ösüş depgini haýal bolsa-da, ilatyň 2100-nji ýyla çenli artmagyna garaşylýar.

Dünýäniň 7 milliarddan 8 milliard adama ýetmegi üçin takmynan 12 ýyl gerek bolsa-da, indiki milliardlara ýetmek üçin takmynan 14,5 ýyl (2037-nji ýyla çenli) gerek bolar.