logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /BMG - «Meýletinçilik» temasyndan fotosurat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar
  16.03.2024
598
BMG - «Meýletinçilik» temasyndan fotosurat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Birleşen Milletler Guramasynyň meýletinçiler Maksatnamasy meýletinçileri we meýletinçilik guramalaryny «Meýletinçilik» temasyndan fotosurat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

 

Bäsleşik Merkezi Aziýada meýletinçiligiň ýagdaýyna ilkinji sebitleýin syn taýýarlamagyň çäginde geçirilýär. Suratlar Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda, Özbegistanda meýletinçileri görkezmek bilen meýletinçilik temasyndan bolmalydyr. Iberilen fotosuratlar dürli durnukly ösüş çärelerine we taslamalara gatnaşýan meýletinçileri görkezmeli.

 

Meýletinçi toparlar ýa-da guramalar taslamanyň beýanyny bermelidir we tabşyrylan suratlara meýletinçileriň gatnaşan ýurduny (şäherini) görkezmelidir. Meýletinçiler aşakdaky derejelerde kesgitlener: iň gowy ylham beriji surat, iň gowy hereket suraty, iň gowy raýdaşlyk suraty.

 

Bäsleşigiň ýeňijilerine şahadatnamalar gowşurylar we ol Birleşen Milletler Guramasynyň meýletinçiler Maksatnamasy tarapyndan guralan çärelere çagyrylar.

 

Gatnaşma üçin REGISTRASIÝA FORMASYNY şu ýylyň 31-nji martyna çenli doldurmaly. Goşmaça maglumat üçin fatma.ertoy@unv.org elektron salgysyna ýüz tutup bolar.

 

 

Serdar IŞANGULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.