logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi
  22.10.2025
633
BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi

2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.

 

Resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň çözgütleriniň utgaşykly durmuşa geçirilmegi» baradaky 13-nji bendiniň çäklerinde, 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi.

 

«Awaza syýasy Jarnamasy» Kararnamasy 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy ugurlaryny we netijelerini jemleýär. Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatda kabul edilipdi.

 

Resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmekde halkara raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar. Şeýle hem durnukly ulag ulgamlarynyň, sanly we energetika infrastrukturasy bilen söwda we ekologiýa gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigi bellenilýär.

 

«Awaza syýasy Jarnamasy» Kararnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary abraýynyň hem-de hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürmekde öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.

 

Ýazgül MEREDOWA,
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.