logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna taýýarlyk görülýär
  22.08.2022
965
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyna taýýarlyk görülýär

Ýakynda, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Linda Tomas-Grinfild bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň golaýda açyljak 77-nji sessiýasy hem-de iki ýurduň onda ileri tutýan garaýyşlary, Milletler Bileleşiginiň düzümindäki özgertmeler barada pikir alyşdylar.

 

 

Türkmen diplomaty söhbetdeşligiň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan golaýda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany goldandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-däki özgertmeler barada-da pikir alyşdylar.