logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy
  08.09.2025
2679
BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy

BMGÖM-niň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşleri 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň täze ýurt maksatnamalaryny makullady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şenbe güni habar bermegine görä, maksatnama düşünjeleri türkmen resmileri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanyldy.

 

Resminamalar BMG-niň Türkmenistanda işleýän agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça indiki bäş ýylda durmuşa geçiriljek taslamalary we başlangyçlary göz öňünde tutýar.

 

BMGÖM-niň, UNFPA-nyň hem-de ÝUNISEF-iň ýurt maksatnamalary degişli BMG agentlikleri tarapyndan belli bir ýurt üçin taýýarlanylýan strategiki çarçuwalardyr. Olar maksatlary, ileri tutulýan ugurlary hem-de hökümet edaralary we beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kesgitleýär.

 

Aýna Nurmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.