logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /"Bolmaz"- Aşyrmät GARLYÝEW
  28.08.2023
847
"Bolmaz"- Aşyrmät GARLYÝEW

Aýallar duşsa gep tapar,
Hemem olar gepe bolmaz.
Ýürekdeş bolan gyz, oglan,
Ýürekdeşdir, şepe bolmaz.

 

 

Akly bar aýbyny ýapar,
Goranyny gorar Hakam.
Oglanlykda çylan çakan,
Ýolda ýatan ýüpe bolmaz.

 

 

Gark borsuň, çümme tereňňe,
Şükür durşuna keremdir,
Az görme Allaň berenni,
Çünki, iman nepe bolmaz.

 

 

Iblisden adama ýokan
Nebis ahyrýetde ýakar,
Kämil dana bilen çopan
Hylwatdadyr, köpe bolmaz.

 

 

Okap kämillige ýeten,
Şeýh Kebiriň ýolun tutar,
Watan. Watan. Ýene Watan.
Watany bar, ýeke bolmaz.