logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Böwürslen
  18.10.2019
1662
Böwürslen

  Кöpetdagyň Аhal welayatynyň cäginde giňden yayranbowurslenin boýy 2-5 metr çemmesi bolяр. Bu gyrymsy agaç ýaz ýagyşyna janlanyp ilki gülleýär, soňam miweleýär. Bu gyrymsy agajyň ýaşaýşy örän täsin bolup köpleri özüne çekýär. Bu agaç üç reňkde gabat gelip ýyl geçdigiçe hasylлygыny artdyrýar. Olaryň iň köp ýaýran ýeri ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň sebidi diýsek ýalňyşmaýarys.

    Bu gyrymsy agaç giňden ýaýrandyr we dermanlyk maksatlary üçin giňden peýdalanýar. Ýylda olardan alynýan miweleriň möçberi ýüzlerçe tonna ýetip halkymyzyň ähli ýerinde adamlaryň saglygyny berkitmekde şypa beriji derman bolup durýar. Onuň düzüminde gabat gelýän maddalar hem köp ösümlüklerde duş gelmeýär.

    Gyrymsy agajyň gözbaşy hem has irki döwürlerden gaýдýar diýip alymlar çaklaйarlar. Biziň eйýamyzdan öňki döwürlerde hem böwürsleni käbir sebäplere görä peýdalanypdyrlar X-XIII asyrlarda gündogar yкlymynda яşap geçen alymlar böwürsleniň peýdaly tarapyny ýüze çykaryp melhem hökmünde giňden ýaýradypdyrlar. Bu ösümligiň bişmedik miwesini iýseň saglygyňa zyýan ýetmeгi mümkin. Olaryň peýdaly taraplarynyň sany sanardan kändir.

    Ösümligiň dermanlyk maksat­lary üçin ýapragy, miwesi, köki çig mal bolup hyzmat edýär. Ýapraklaryny ösümlik gülleýän döwründe ýygnamaly. Olary adaty usulda guratmaly we taýýarlamaly.

    Böwürsleniň ýapragyndan taýýarlanan melhemi günde üç gezek içsek saglygymyza peýda berer. Böwürsleнden taýýarlanan melhemi nahardan 20-30 minut öň içsek janymyza em bolar.

Gyrymsy agaç halk lukmançylygynda gany togtadyjy, gyzgyny peseldiji, bokurdak agyryny aýryjy, keýpiňi göteriji, peşew hem der çykaryjy, içegede dörän ýaralary, aýaga we ele suw ýygnanmany, ýoňlamany, nerw sökelliklerini dep ediji serişde hökmünde peýdalanylýar.

    Ösümligiň öte bişen miweleriniň ýeňil iç sürüji häsiýeti bardyr, onuň bişmedik miweleri, tersine, iç gatadyjy häsiýete eýedir. Mundan başga-da ösümligiň iýmişi içegeleriň işjeňligini gowulandyrýar, ol sözenekde hem böwrek kesel- lerine nepli. Onuň ýapragyndan taýýarlanan tozy iteşene we trofiki başlarda ulanylýar.