logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Böwürslen
  26.09.2021
758
Böwürslen

Ýer ýüzünde gyrymsy agaçlaryň birnäçe görnüşleri duş gelýär. Olaryň biri hem özüniň tagamly miwesi, jana şypa beriji ýapraklary we kökleri bilen özüni tanadan böwürslen agajydyr. Bu gyrymsy agaçlara dag gerişlerinden akyp gaýdýan çeşmeleriň ýakasynda duş gelmek bolýar. Böwürslen miwesi adam saglygyny berkitmekde we ony gorap saklamakda örän ähmiýetlidir.

Onuň miwesi esasan hem süýji keselinden ejir çekýän adamlara peýdasy uludyr. Onuň düzümindäki bioflawonoidler antioksidant hökmünde täsir edip, gan damarlarynyň diwarlaryny berkidýär we C witamininiň täsirini güýçlendirýär. Böwürslen miwesinden örän tagamly mürepbe hem taýýarlanylýar. Böwürsleniň ýapragyndan taýýarlanýan melhemlik çaýlar hem örän peýdalydyr. Bu melhemlik çaý iç geçme, azyk önümleri bilen zäherlenme, aşgazan we oniki barmak içegedäki ýaralary bejermeklikde has peýdalydyr. Böwürsleniň miwesi we guradylan ýapragy bilen bir hatarda onuň köki hem ulanylýar. Onuň kökünden taýýarlanýan içgiler damak sowuklamasynda giňden ulanylýar. Mundan başgada peşew ýollarynda döreýän näsazlyklarda, dem alyş ulgamynyň sowuklamalarynda we gan akmalarynda böwürsleniň ýapragyndan we kökünden taýýarlanylýan içgileri kabul etmeklik özüniň gowy netijesini berýär.