logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Böwürslen agajy
  07.09.2021
1758
Böwürslen agajy

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji “Tebigy dermanhana” bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hökmünde hem böwürslen agajydyr.

Böwürslen agajy  witaminlara örän baý agaç hasaplanylýar. Böwürslen agajy diňe öz miweleri bilen däl, eýsem özüniň şypa berji  häsiýetleri bilen hem bellidir. Böwürslen agajy iýilýän ownuk gara miweli, tikenli gyrymsy ösümlik bolup, onuň düzminde ynsan saglygyna peýdaly bolan glýukoza, fruktoza, “C” witamin, organiki turşuluklara we tokoferonlara baý ösümlik hasaplanyp, ony böwrek, süýjikesel, peşew haltasynyň kesellerini bejermekde bogunlaryň agyrsyny bejermekde, aşgazan-içege kesellerini bejermekde halk lukmaçylygynda giňden ulanylýar. Bulardan başga-da böwürslen agajynyň  ýapraklary hem tebipçilikde giňden ulanylyp, onuň ýapraklary süjibaşy ýaralary, iriňli ýaralary, demrewleri bejermekde ulanylýar. Mundan başga-da ateroskleroz keselinden ejir çekýänlere böwürsleniň miwelerini iýmek maslahat berilýär. Böwürslen ýapragyndan demlemeleri taýýarlamagyň we ony içmegiň  usullary: guradylyp owradylan ýapragy 2 çaý  çemçe atyp, 1 bulgur suwa demläp, 20 minut demine goýmaly. Taýýar bolan demlemäni hasadan süzüp, günüň dowamynda üçe bölüp içmeli. Böwürslen agajynyň miweleri we ýapraklaryndan başga-da onuň kökleri hem halk lukmançylygynda giňden ulanyp, böwürsleniň köklerinden taýýarlanan gaýnatma bilen bokurdagy çaýkamak maslahat berilýär. Böwürslen köklerinden demlemeleri taýýarlamagyň we ony içmegiň  usullary: guradylyp owradylan köküň 20 gramyny 1 bulgur suwda 20 minut ýaly gaýnatmaly-da 20 minut demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, mukdary azalan bolsa, üstüne gaýnag suw guýup, ilki başdaky mukdaryna ýetirmeli. Bu gaýnatma bilen  tiz-tizden bokurdagy çaýkap durmaly. Şeýle dermanlyk ösümlikler Bäherden etrabynyň Garry-Nohur hem-de Garawul obalarynda hem ösüp ýetişýändigi dogrusynda bellemek bolar.