logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Brýussel şäherinde geçirilen sergide medeni gymmatlyklarymyz görkezildi
  24.01.2023
876
Brýussel şäherinde geçirilen sergide medeni gymmatlyklarymyz görkezildi

Brýussel şäherinde ýerleşýän Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň edara binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy. Türkmenistanyň bu ýerdäki sergi ekspozisiýasynda türkmen milli lybaslary, zergärçilik önümleri, el halylar we amaly-haşam sungatyna degişli beýleki gymmatlyklar görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasynda Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Baş sekretary Stefano Sannino, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala we Merkezi Aziýa ýurtlaryna wekilçilik edýän ilçiler çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow hem bar. Ol öz çykyşynda bu özboluşly serginiň sebitiň bäş ýurdunyň taryhy hem-de medeni gymmatlyklarynyň özara baglanyşygyny açyp görkezýändigini aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we onuň goňşy ýurtlarynyň çäginden tapylan taryhy tapyndylar sebitde ylym, binagärlik-gurluşyk ulgamlarynyň, beýleki möhüm pudaklaryň pajarlap ösendiginiň janly şaýadydyr. Soňky ýyllarda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklar barha giň gerime eýe bolýar, sebitara ulag-logistik ulgamlar kemala getirilýär.

Dabaranyň dowamynda serginiň myhmanlary türkmen milli tagamlaryndan dadyp görmäge hem mümkinçilik aldylar. 

 

Şanepes ÖWEZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.