logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Bugdaý ekişi gyzgylaňly alnyp barylýar
  19.09.2020
815
Bugdaý ekişi gyzgylaňly alnyp barylýar

        Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmekde uly işleri alynyp barylýar.

         Ýurdumyzda  2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda  bugdaý ekilşine girişildi. Diýarymyzyň ähli künjegine badalga berilişi bilen bir hatarda Babadaýhan etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde hem bu günki gün bugdaý ekişi giň gerimde alynyp barylýar. Ýokary depginde alynyp barylan ekiş, taýýar topragyň  melioratiw ýagdaýyny gowlandyryp, ony doly ekişe taýýarlap,  tehniki enjamlaryň üsti bilen amala aşyryldy. Şeýle eşretiň döwlet tarapyndan döredilen giň mümkinçilikleriň hözirini görýän  Babadaýhan etrabynyň daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri şu günler, zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň edermen babadaýhanlary geçen ýyl hem  watan galla harmanynyň beýgelmegine öz mynasyp paýyny goşdular.

Bu ýyl hem  guş gursak  bugdaýyň bol hasylyny ýygnamak maksat edýän daýhanlaryň yhlasy, başarnygy, daýhanyň ezberligi bugdaý ekilýän  meýdanlarda has-da aýdyň görüldi. Häzirki gün daýhanlaryň baş wezipesi ekilýän bugdaý hasylyny meýdanlardan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan we Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat bolup durýar.