logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /“Burun gala”
  24.09.2021
751
“Burun gala”

Sarahs-Merw kerwen ýolunyň ikinji esasy duralgasy Uşturmagak (arapça düýe ýatagy) Köne Sarahsdan 40-43 km. uzaklykda ýerleşen häzirki Burungala ýadygärligidir. IХ-Х asyrlarda bu ýerde daş-töweregi diňli beýik diwarlar bilen berkidilen rabat döreýär. Soň rabadyň töwereginde şäher jaýlary salnyp ugraýar. Söwda ýolunyň bu ýerden geçýän bölegi şäheriň esasy köçesine öwrülip ondan kiçijik köçeler bölünip gaýdýar. Şäheriň gündogar böleginde senetçileriň oturýan ýerleri bar. Günbatarynda we günorta böleginde birnäçe kerwensaraýlar ýerleşipdir. XI asyryň dowamynda XII asyryň birinji ýarymynda şäher iki derwezeli we birnäçe diňli pagsa diwar bilen berkidilipdir. Diwar galdyrylandan soňam şäher ösüp şäherden demirgazyga ýoluň gyrasynda salnan jaýlar 200 m. çenli uzalyp gidipdir. Burun gala ýaşamagyny mongol çozuşlaryndan soň bes edipdir. 1953-56-njy ýyllarda K.A.Adykowyň we 1964-1970-nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylyk eden arheologik ekspedisiýasy tarapyndan barlag-gazuw işleri geçirilipdir.