logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bütin dünýäde 38 milliondan gowrak adamda «AIW» bar!
  05.12.2022
1231
Bütin dünýäde 38 milliondan gowrak adamda «AIW» bar!

Ilkinji «AIDS» keseli 1981-nji ýylda hasaba alyndy. Şondan bäri alymlar bu keseli ýakyndan yzarlaýarlar. Maglumatlara görä, dünýäde 38 milliondan gowrak adamda henizem «AIW» bar. «AIDS»-e sebäp bolýan wirusa garşy göreşde irki diagnoz we bejerginiň ähmiýeti örän uludyr.   

1981-nji ýylda ýüze çykarylan ilkinji «AIDS» keseli dünýäde uly alada döretdi. Birleşen Milletler Guramasynyň AIDS maksatnamasynyň (UNAIDS) maglumatlaryna görä, şu wagta çenli dünýäde 84,2 million adama «AIW» diagnozy goýuldy. Häzirki wagta çenli «AIDS» bilen baglanyşykly wakalar sebäpli 40 milliondan gowrak adam aradan çykdy. Maglumatlara görä, dünýäde 38 milliondan gowrak adam henizem bu kesel bilen ýaşaýar.