logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Bütindünýä Parahatçylyk we ösüş üçin ylymlar güni
  11.11.2023
1017
Bütindünýä Parahatçylyk we ösüş üçin ylymlar güni

Her ýylyň 10-njy noýabrynda bütin dünýäde Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni giňden bellenilip geçirilýär. Ol ylymyň peýdalary barada dünýäde habarlylygy artdyrýar, halkara jemgyýetçiligine ylmyň zerurlygynyň  ýatlatmasy bolup hyzmat edýär.

 

 

Islendik döwletiň we jemgyýetiň hukuk taýdan parahatçylygynyň we ösüşiniň özgermegi üçin ylym we bilimiň kämilleşmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Ylym-jemgyýetiň parahatçylygynyň hem ösüşiniň aýdyň ýoluny açyp görkezýän gyzyldan hem gymmatly kämilleşmegiň ýoludyr.Parahatçylygyň bar ýerinde bolsa, ösüş hem bardyr. Parahat yaşaýan döwlet ösýär, özgerýär, ylym bolsa kämilleşýär. Ylmyň kämilleşmegi islendik bir ýurduň geljegi üçin örän wajypdyr. 

 

 

Halkara ylymlar güni ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň goldamagynda 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda geçirildi. Şondan bäri, her ýylyň 10-njy noýabry Parahatçylyk we ösüş üçin Halkara ylymlar güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

 

 

Abraýhan IKRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.