logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Bütindünýä Radio güni
  13.02.2023
1645
Bütindünýä Radio güni

Dünýä ýüzünde BMG-niň ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen Bütindünýä Radio güni her ýylyň 13-nji fewralynda bellenilip geçilýär. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda BMG Baş Assambleýasy bu günüň yglan edilmegini resmi taýdan tassyklady we 67-nji mejlisde her ýylyň 13-nji fewralyny Bütindünýä Radio güni diýip yglan etdi. Çäräniň senesi tötänleýin saýlanmady, ýagny 1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda ilkinji gezek BMG-niň radio ýaýlymy Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda efirde goýberildi.

Baýramy esaslandyryjylaryň pikiriçe, radio diňe bir aragatnaşyk serişdesi hökmünde bolman, eýsem, radio bilen gyzyklanýanlaryň hemmesiniň  arasyndaky aragatnaşygy berkitmäge hyzmat etmelidir. Halkara habar beriş serişdelerini we ýerli radio ýaýlymlarynyň maglumat elýeterliligini giňeltmekde we radio tolkunlarynda habarlary bermekde möhümdir. Häzirki sanly ulgamyň ösýän döwründe radio dünýäniň esasy aragatnaşyk serişdeleriniň biri bolmagyny dowam etdirýär. Ol örän uly potensialy we arzan bahasy bilen hemmeler tarapyndan ykrar edilen aragatnaşyk serişdesidir. Radio uzakdaky jemgyýetlere we ilatyň iň ejiz toparlaryna baryp ýetýär: sowatsyzlar we maýyplar, gurpsuz maşgalalar, bilim derejesine garamazdan jemgyýetçilik işine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gysga tolkunly ýaýlym köplenç elektrik, internet, akylly enjamlar ýok wagty maglumat bermegiň iň täsirli usulydyr. Şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda radio betbagtçylyklarda kömek bermekde möhüm rol oýnaýar. Köp adamlar, aýratyn hem uly ýaşdakylar henizem beýleki habar beriş serişdelerinden has köp radio ulanýarlar. Şonuň üçin ÝUNESKO guramasy ähli ýurtlary her ýyl belli bir şygar bilen geçirilýän Bütindünýä Radio gününe işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bu baýramçylygyň hormatyna köp ýerlerde ýaýlymçylaryň, beýleki habar beriş serişdeleriniň, hökümet we hökümete dahylsyz guramalaryň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda dürli çäreler gurnalýar. Bütindünýä radio gününden başga-da, bu görnüşli aragatnaşyk muşdaklary Bütindünýä höwesjeň radio gününi hem belleýärler. Ol 18-nji aprele gabat gelmek bilen, ol gün, 1925-nji ýylda Halkara höwesjeň radio bileleşigi (IARU) tarapyndan Parižde döredildi.

Käbir ýurtlarda, mysal üçin, Russiýada her ýylyň 7-nji maýynda radio güni hem bellenilýär. Bu rus halky üçin Bütindünýä radio gününe garanyňda has-da möhüm senedir. Çünki 1895-nji ýylyň 7-nji maýynda meşhur rus fizigi Aleksandr Popow ilkinji radio aragatnaşyk sessiýasyny geçiripdi. 

 

Mähri ATAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.