logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler
  31.03.2024
952
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi we beýleki sport çäreleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 1-nji aprelden 7-nji aprel aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde tegelek stollar, ylmy we amaly konferensiýalar, bedenterbiýe we sport, saglyk we medeni çäreler geçiriler. Olara umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, hünär-tehniki, orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, kärhanalaryň, edaralaryň işgärleri, türgenler işjeň gatnaşarlar.

 

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu çäreleriň maksady  jemgyýetde işjeň durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaş nesli sport çärelerine çekmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulaşdyrmak bolup durýar.

 

Hojamämmet MERETMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.