logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bütindünýä şäherler güni
  31.10.2023
759
Bütindünýä şäherler güni

Bütindünýä şäherler güni her ýylyň 31-nji oktýabrynda giňden bellenilýär. Bu halkara gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68/239 belgili karary bilen 2014-nji ýylyň 31-nji oktaýabryndan bäri bellenilýär. Bu günüň döredilmeginiň esasy sebäbi halkara jemgyýetçiligiň ünsüni dünýäde parahatçylyk meselesine çekmeklige  gönükdirilendir. Şeýle hem dünýäde täze döredilýän şäherleri ekologiki taýdan arassa saklamak biziň esasy borjumyz hasaplanýar.Bütindünýä şäherler gününiň şygary “ Gowy şäher, has gowy durmuş” diýlip atlandyrylýar.Şeýle-de bu halkara güninde ýygnaklar, forumlar geçirilýär. By ýygnaklara gatnaşyjy ýurtlar bolsa şäher ösüşi baradaky tejribelerini we şäher ýaşaýjylary durmuşyny gowulandyrmak, şäherleşme baradaky  baradaky meseleler gozgalýar.

 

 

Şeýle hem bu güniň döredilmeginiň aýratynlygy dünýäde täze şäherleri döretmek we olarda ekologiki arassaçylygy üpjün etmek bolup durýar. Biz üçin oňaýly şertleriň döredilip, ýaşaýşymyzyň aňsatlaşdyrýan şäherleri ekologiki taýdan arassa saklap, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamak biz ýaşaýjylaryň esasy borjy bolup durýar.

 

 

Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen 2013-nji ýylyň  25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diyip bellenildi. Aşgabat şäheriniň güni uly dabara bilen şatlyk-şowhunly geçirilýär.

 

Daýanç GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.