logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk dabaralary geçirildi
  03.06.2022
968
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk dabaralary geçirildi

Şu gün ýagny 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Ahal welaýatynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Çäre köpçülikleýin welosipedli ýörişden soň başlandy. Welosipedli ýöriş, paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky ýörite niýetlenen ýerden badalga aldy.

Çärä welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarydyr mugallymlary, türgenler, ýerli ýaşaýjylar we beýleki köp sanly raýatlar gatnaşdylar.