logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Buýsançly hoş habar
  31.08.2021
708
Buýsançly hoş habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmek” Maksatnamasyny we dokma pudagynyň öňünde goýulan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek,  öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini ýokarlandyrmak maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  ynha bu gün Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda  önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3650 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli inçe süýmli ýüpligi 12 million inedördül metr ýokary hilli nah matalary öndürýän, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan matany hem-de  1 million 200 sany taýýar dikin önümleri öndürýän, kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 sany täze iş orny döredilen dokma toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.   Bu dokma toplumyň açylyp ulanylmaga berilmegi  halkymyz üçin ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň  30 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat boldy.   Biz hem ýurdumuz, halkymyz üçin  dünýä ülüňlerine gabat gelýän bu dokma egiriji fabriginiň gurulup ulanylmaga  berilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerimizi aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.