Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦ ✦ Awaza 2025 maslahatynyň çäginde Ýaşlar forumy öz işine başlady ✦ ✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Buýsançly kalplaryň joşguny
  18.01.2023
1063
Buýsançly kalplaryň joşguny

2023-nji ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlarymyza, diýmek, geljegimize bolan beýik ynam bilen baglydyr. Ýaşlar biziň geljegimiz, olar Watanymyzyň ertirki ösüşini amal etmeli nesildir. Ýurduň geljegini kesgitlejek pähim-paýhasy, gujur-gaýraty açmak üçin olara ygtybarly howandar gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlara hakyky howandar bolup çykyş edýär. Biz bu aladany döwlet Baştutanymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren beýik maksatlaryny, ýola goýan köpugurly işlerini oýlanyşykly we netijeli dowam etdirip, ýaşlar syýasatyny hil taýdan täze derejä çykaryp alyp barýandygynda has aýdyň görýäris.

Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenýän ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr.

Kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly agzybir halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly ýylymyzyň ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly ajaýyp şygara beslenmegi ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi. Ýaş nesilleriň arzuw-umytlaryny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň aýdyň geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýar.

Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň gujur-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ertirleriniň nurana we eşretli boljakdygyna ynamy artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň her birimiziň ýüregimizde döredýän bu beýik ynamy bizi durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze üstünliklere we galkynyşa ruhlandyrýar. 

 

Saýara JUMANAZAROWA,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 
28-nji orta mekdebiniň 
başlangyç synp mugallymy.