logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Buz eýýamyna sebäp bolan zat näme?
  18.04.2023
1021
Buz eýýamyna sebäp bolan zat näme?

Buz eýýamynyň bolmagynyň sebäbi beýleki planetalaryň Ýerdäki agyrlyk güýjüne täsir etmesi bolup durýar. Bu agyrlyk güýjüň netijesinde Ýeriň orbitasynda we töwereginde üýtgeşmeler bolýar. Bu bolsa öz gezeginde Gün şöhleleriniň planetamyza bolan güýjüni üýtgedýär. Dürli giňişliklerde ýylylygyň mukdary üýtgänsoň, polýar buzlara täsir edýän gelgit siklleri tapawutlanýar.

Ilki bilen iňlis astronomy Sir Jon Herşel tarapyndan 1830-njy ýylda teklip edilen, soň bolsa 1920-nji ýylda serb alymy Milutin Milankowiç tarapyndan täzeden döredilen bu planetalar arasyndaky gatnaşyk dürli sikllerde birnäçe gezek güýçlenendir diýlip çaklanylýar.

Adaty buz döwri ortaça 100 müň ýyl dowam etse-de, iň ýakyn buz döwri 8 müň ýyl mundan ozal tamamlandy. Ýöne onuň täsirini häzirem duýup bolýar. Mysal üçin, häzirki wagtda Kanadada, Grenlandiýada, Demirgazyk Ýewraziýada we Antarktidada görlen buzluklar şol döwrüň gurluşlarydyr. Gyş möwsüminiň bolmagynyň sebäbi hem Gün şöhleleriniň planetamyza ýetýän burçunyň birneme üýtgemegi bolup durýar. 

 

Maksat KAZAKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.