logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Büzmeýin etrabynda täze döwrebap jaýlar ulanmaga berildi
  23.05.2023
1034
Büzmeýin etrabynda täze döwrebap jaýlar ulanmaga berildi

22-nji maýda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Oguz han we H.Ökdirow köçeleriniň çatrygynda gurlan 1 sany 32 öýli we 1 sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna Aşgabat şäheriniň häkimi, paýtagtymyzyň il sylagly ýaşululary we ak gyňaçly mährem eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Dabaraly çäräniň barşynda il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şeýle-de täze ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagtyna eýe bolan bagtyýar ýaşaýjylar çykyş etdiler.

Bagtyýar maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bu ajaýyp wakanyň iň täsirli, ýatda galyjy pursatlaryna beslendi. Soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjy myhmanlara dürli naz-nygmatlar, toý pişmeleri hödür edildi. Soňra dabara gatnaşyjy hormatly myhmanlar döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleriň otaglaryna aýlanyp, olarda döredilen hemmetaraplaýyn amatly şertler bilen tanyşdylar.