logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
  22.06.2023
905
Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

21-nji iýunda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda 12 sany 4 gatly 32  öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Oňa il sylagly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, Aşgabat şäheriniň hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Ir bilen bu ýerde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Oňa gatnaşyjy myhmanlar sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Dabaranyň dowamynda täze jaýdan paýly bolan raýatlarymyz ýürek buýsançlaryny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra bu ýere ýygnananlar täze ýaşaýyş jaýlary, olaryň otaglarynda döredilen amatlyklar bilen tanyşdylar. Ýatda galyjy ajaýyp pursatlara baý bolan açylyş dabarasynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.