logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Büzmeýin etrabyndaky «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy
  28.12.2022
988
Büzmeýin etrabyndaky «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün ýagny 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Gurtly» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilip, ol türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. Dabara Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, 160 orunlyk çagalar bagy, 320 orunlyk orta mekdep, söwda merkezi we söwda dükanlarynyň 10-sy gurlupdyr.

Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşýan günlerinde täze jaýlara eýe bolýan ildeşlerimiz Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.