Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çaga eziz edebi ondanam eziz
  03.05.2023
999
Çaga eziz edebi ondanam eziz

Hakykatdan-da, çaga eziz, edebi ondan-da eziz. Munuň şeýledigini çaga terbiýesi hat-da köpýyllyk iş tejribe aýdyň subut edýär. Çagalykda kalba siňen iň ajaýyp edep-terbiýe duýgusy ynsanyň bütin ömrüniň bezegi, ýol görkezijisi bolup durýar.

Çaganyň öz eziz maşgala çäginden çykyp, köpçülige goşulýan edep-terbiýe ojagy bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarydyr. Köpçülik çaganyň terbiýesine, kämil ösüşine oňaýly täsir edýär. Bu babatda, ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynyň ýolbaşçylaryna, terbiýeçilerdir enekelere uly jogapkärçilik düşýär. Muňa dogry düşünip, öz gündelik zähmetini çaga terbiýesi ýaly sogap işe bagyş edýän terbiýeçileriň ençemesi etrabymyzyň çagalar bagy bilen birlikde, 19-njy çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän işgärler has öwgä mynasypdyr.

Bu bakja-bagynda 9 toparda 162 çaga terbiýelenýär. Bu ýerde çagalar terbiýeçileriň mähir-aladasy bilen gurşalandyr. Biziň çagalar bakja-bagymyzda tejribeli terbiýeçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Gündelik zähmetde halypa şägirtlik ýolunyň giňden ornaşdyrylmagy terbiýeçilik işleriniň ilerlemegine itergi berýär. Netije-de, Aýgül Çaryýewa, Zübeýda Daňatarowa, Ogulbagt Rejepowa ýaly ýaş terbiýeçiler öňdebaryjylaryň hataryna goşuldylar.

Şu ýerde çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde we saglyklaryna gözegçiligi yzygiderli alyp barmakda dil düzediş mugallymy Irina Çaryýarowa, şepagat uýasy Bibihajar Ataýewanyň bitirýän işleri aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Terbiýeçi-usulçy Jahan Abaýewanyň  guramaçylyk ukyby bolsa çagalarymyzyň etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde şowly çykyş etmeklerine itergi berýär. Ýakynda aprel aýynda etrap tapgyrynda geçirilen «Diller dostluk köprüsi» atly daşary ýurt dilleri boýunça geçirilen bäsleşiginde 1-nji orna, «Bir bar eken, bir ýok eken» atly erteki bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolmagy muňa şaýatlyk edýär.

Elbetde, çaga bedeni elmydama ösüşde. Şonuň üçin olary howa, Gün, suw şertlerine uýgunlaşdyrmaklyga-da yzygiderli üns berilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň üçin taplama çäreleri yzygiderli geçirilýär. Her ýylyň maý aýyndan başlanýan howa, suw bilen çaga bedenini taplamak çäreleriniň kada-düzgüni bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçilerine tanyşdyr. Bu taplama çäreleri göwnejaý geçirilýär.

Goý, ýaş nesle bagtyýar çagalygy bagyş edýän, durmuşyň gül-gunçalary barada elmydama aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun. 

 

Jahan ABAÝEWA,

Tejen etrabynyň 19-njy çagalar bagynyň
terbiýeçi-usulçysy.