logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /«Çagalar biziň geljegimizdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi
  31.05.2023
1106
«Çagalar biziň geljegimizdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: 

« - Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar.» 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlanan «Watan» kinokonsert merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen «Çagalar biziň geljegimizdir» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň okuwçylary Omar Omarow, Didar Atajanow, Medine Omarowa, Jennet Bakyýewa, şol mekdebiň tans topary we  konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Döwran Şammyýewyň multfilimlerinden «Арабская ночь», «Can you feel», «I’m steel standing», «Моана»  «Спасибо» hem-de 3-nji ýyl talyby Täzegül Baýramowanyň multfilimlerinden «Холодное сердце», «За окном опять сугробы», «Это моя любовь», «Try everything», «Моана» «Что меня ждет» aýdymlary, Kirişli saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirilmeginde baýramçylyk konsertimiz şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Konsertimiziň ahyrynda çagalar bilen oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerinden we multfilimlerinden sorag-jogaplar alyşdylar. Soraglara dogry jogap beren çaglara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabarany gurnaýjy guramalaryň wekilleri we çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar. Sungaty söýän, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sungatyň dürli görnüşlerinden baş çykarýan zehinli çagalaryň kemala gelýändigini nygtap, ýaş nesillerimize uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdiler. 

 

Ogulbagt MYRADOWA, 

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen 
milli konserwatoriýasynyň 
golýazma bölüminiň  işgäri.