logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi
  25.05.2020
2477
Çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünleri düşündirildi

        Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde döwrebap ýollar, giň köçeler gurlup halkymyza ulanmaga berilýär. Abadan ýollarymyzda, parahat köçelerimizde elmydam asudalygyň höküm sürmegi üçin alada etmek bolsa, biz, raýatlaryň jemgyýetimiziň öňündäki raýatlyk borjumuzdyr. Şu aýdyň wezipelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündürmek, çagalaryň köpçülük ýerlerde tertip-düzgüni berjaý etmegi özleriniň endiklerine öwürmeklerini gazanmak örän derwaýys meseledir. Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowlanmagy netijesinde, döwrebap, ýelden ýüwrük ýeňil we ýük awtoulaglary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ak ýollarymyzyň bezegi bolup köçelerimizi doldurýar. Häzirki döwürde ýollarda ulag serişdeleriniň köplügi, köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň talaba laýyk berjaý edilmegini talap edýär. Bu talap diňe bir sürüjileri däl-de, eýsem, pyýada ýolagçylary hem ýollardan geçenlerinde örän dykgatly, hüşgär bolmaga borçlandyrýar. Bu wajyp meselä, ähli raýatlar, ylaýtada, ene-atalar, terbiýeçiler we mugallymlar çuda çynlakaý çemeleşip, çagalara ýol hereketiniň düzgünlerini yzygiderli düşündirip durmalydyrlar. Ynha, şu asylly maksat bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek çäreleri, okuw sapaklary giňden ýaýbaňlandyryldy.

       Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde körpeleriň arasynda oýun, bäsleşik görnüşinde ýol hereketleriniň düzgünlerini ýatda galyjy, ýeňil usulda öwredýän okuw-terbiýeçilik sapaklary geçirildi. Okuwlar çagalary özara bäsleşdirmek, ýol belgilerini tanamakda we ýol hereketini yşyklandyrjynyň buýruklaryny dürs ýerine ýetirmekde ýaryşdyrmak ýaly öwrediji oýunlary oýnatmak arkaly geçirildi. Sapaklary oýun usulynda geçirmek, çagalaryň ýadynda öňat galmagyna uly ýardam edýär.

        Okuwlar “Geliň, abadan ýollarymyzda asudalygy goralyň” ady bilen “Ýol hereketiniň howupsuzlygy – ömrümüziň rahatlygy” atly döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilýär. Bu gezekgi düşündiriş, terbiýeçilik häsiýetli okuwlar, körpe nesillerimiz üçin uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara öwrüldi. Okuwlaryň arasynda bagtyýar çagalaryň köçe-ýol hereketine, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlap joşgunly aýdan goşgudyr-aýdymlary, ýerine ýetiren milli tanslary hem-de ajaýyp çykyşlary bu wagyz-nesihat, okuw-terbiýeçilik çäresini özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwürdi.