logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Çagalary goramagyñ halakara güni
  01.06.2022
1208
Çagalary goramagyñ halakara güni

Köp ýurtda tomsuň ilkinji güni Halkara Çagalar güni bellenilýär.Halkara çagalar güni iň gadymy halkara baýramçylyklaryndan biridir. Ony geçirmek karary 1925-nji ýylda Źenewada çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi. Şol ýyl Hytaýyň San-Fransiskodaky Baş konsuly hytaý ýetimleriniň bir toparyny ýygnapdyr we Duan Wu Jie (Dragon Boat atly Festiwaly) 1-nji iýunda bellemegi gurnapdyr. Ol  gün bolsa Źenewada geçirilen “çagalar” konferensiýasynyň wagtyna gabat gelipdir. Ikinji jahan urşundan soň, çagalaryň saglygyny we abadançylygyny goramak meselesi öňküsinden has derwaýys bolanda, 1949-njy ýylda Pariźde aýallaryň gurultaýy geçirildi, şonda dowamly parahatçylyk üçin ýadawsyz söweşmäge kasam edildi. Şol ýyl, Halkara Demokratik Aýallar Federasiýasynyň Geňeşiniň Moskwa mejlisinde, 2-nji Kongresiniň kararlaryna laýyklykda şu günki dynç alyş güni döredildi. Bir ýyldan soň, 1950-nji ýylda, 1-nji iýunda ilkinji Halkara Çagalar güni geçirildi, şondan soň her ýyl bu baýramçylyk geçirilýär.   Halkara çagalar gününiň ýörite baýdagy bar. Ösüşi, sazlaşygy, täzeligi we hasyllylygy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, gyzyl, sary, gök, ak we gara reňkli şekiller Ýeriň nyşanynda ýerleşdirilýär. Baýdakdaky adam şekilleri dürlüligi we çydamlylygy alamatlandyrýar. Merkezde ýerleşdirilen Ýeriň alamaty umumy öýümiziň nyşanydyr. Gyzykly tarapy, bu baýramçylyk sosialistik ösüş ýoluny saýlan ýurtlarda işjeň goldanyldy. Sowet Soýuzynyň bar bolan döwründe, 1-nji iýunda mekdeplerde tomus dynç alyşy başlandy. Halkara Çagalar güni çagalaryň hukuklary we abadançylygy barada çykyşlar we çekişmeler, täze çagalar çeper filmleriniň we teleýaýlym görkezişleriniň görkezilmegi, çagalar üçin sport ýaryşlary, köplenç ene-atalary gatnaşmaga çagyrýardy. Häzirki wagtda köp ýurtda bu gün çagalar üçin köpçülikleýin, güýmenje we medeni çäreler geçirilýär. Çagalar güni diňe bir çagalaryň özleri üçin gyzykly dynç alyş bolman eýsem çaganyň hukuklaryny goramagyň zerurdygyny, ähli çagalaryň bagtly ulalmagy, öwrenmegi, söýýän zatlaryny etmegi we ajaýyp ene-atalar bolmagy üçin jemgyýete ýatlatma bolup durýar we geljekde öz ýurdunyň ylymly-bilimli giñ dünýägaraýyşly nesilleri bolup ýetişmeli.

Şemşat Nuryýewa
 Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby