Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diliniň arassalygyny saklamak her bir dili göteriji adam üçin wajypdyr ✦ ✦ Dil – halkyň ruhy keşbiniň aýnasydyr ✦ ✦ Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany ✦ ✦ Türkmen diliniň sözlük düzümini baýlaşdyrmak ✦ ✦ TDEI-de täze ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr ✦ ✦ Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlik gazandy ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Çagalary kitap grafikasy bilen tanyşdyrmak
  23.01.2021
721
Çagalary kitap grafikasy bilen tanyşdyrmak

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär. Çaganyň şahsyýetiniň beden we akyl taýdan ösüşiniň esaslaryny kemala getirmek, ony milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak mekdebe çenli bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir.

     Çagalar baglarynda körpeler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri, ýagny nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen dürli sapaklarda, şeýle hem gündelik durmuşda tanyşýarlar. Sungat mekdebe çenli ýaşly çagalarda döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Kitap grafikasy şekillendiriş sungatynyň iň giňgen ýaýran görnüşidir. Edebi eserleriň mazmunyny ýiti, labyzly, kesgitli çeper keşplerde beýan edýän kitap grafikasy terbiýäniň güýçli serişdeleriniň biridir. Kitaplardaky suratlar onuň mazmunyny has çuň we oňat özleşdirmäge, tiz ýat tutmaga kömek edýär. Çagalyk döwründe hemmeler suratly kitaplary gowy görýär. Körpeler suratlaryny synlap, kitabyň mazmuny bilen belli bir derejede tanyşýarlar. Çagalara gözellikterbiýesini bermekde kitap grafikasyna aýratyn orun degişlidir. Kitap grafikasy mekdebe çenli ýaşly çaganyň şekillendiriş sungatynyň ilkinji gabatlaşýan eserleriniň biridir. Suratlar sözleýişi ösdürmekde hem aýratyn orny eýeleýär, sebäbi çaganyň dili onuň tanyşýan eserleriniň many-mazmunyna näderejede düşünendiginiň görkezijisidir. Çagalar tarapyndan kitap grafikasynyň eserleriniň has doly özleşdirilmegi terbiýeçä olarda diňe bir sungata boln söýgini ösdürmäge däl, eýsem dünýägaraýyşyň başlangyç esaslaryny kemala getirmäge hem mümkinçilik berýär.