logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Çagalary ummanlary we deňizleri goramaga höweslendirmek
  20.08.2022
846
Çagalary ummanlary we deňizleri goramaga höweslendirmek

Hazar deňziniň güni minasybetli, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi - dostluk we ylalaşyk deňzi” ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw baradaky Maksatnamasynyň hünärmenleri tarapyndan “Daýanç” çagalar sagaldyş toplumynda medeniýet, bilim, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.

 


Dürli görnüşli oýunlary we bäsleşikleri geçirmek arkaly, çagalar  bilen galyndylary dolandyrmak hem-de dünýäniň suw ummanlarynyň baýlyklaryny oýlanşykly peýdalanmak boýunça halkara tejribeleri barada gyzykly söhbetdeşlikler geçirildi. Çäräniň resmi bölümi tamamlanandan soňra Hazar deňziniň kenarynda çagalar üçin dürli görnüşli gyzykly oýunlar gurnaldy we çagalaryň çeperçilik sungaty boýunça ukyplaryny artdyrmak bilen bagly çäreler geçirildi.

 


Geçirilen çäreler çagalaryň ekologiýa babatda bilimini ýokarlandyrmaga we çagalaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmaga hem-de çagalaryň tebigy serişdeleri aýawly ulanmak boýunça bilimini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.  

 


Häzirki wagtda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilýän, “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde myhmanhanalarda “Ýaşyl” standartlar ornaşdyrylýar. Taslamanyň çäklerinde  suwy we energiýany tygşytly ulanmak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak, galyndylary durnukly dolandyrmak, häzirki zaman energiýatygşytlaýjy enjamlary ornaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.