logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
  23.12.2025
353
Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

ÝUNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Rejina de Dominiçis Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny tamamlandy. Bu duşuşyklar çagalaryň hukuklaryny goramak, abadançylygyny ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine bagyşlandy.

 

Saparyň dowamynda Regina de Dominiçis Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Baýramgül Orazdurdyýewa we Hojamyrat Geldimyradow, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Ýazdursun Gurbannazarowa, şeýle hem Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda taraplar çagalaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Sebit direktory Hökümetiň we hyzmatdaşlaryň çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny goramaga ýokary ygrarlydygyny belläp, 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde ÝUNISEF-iň bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çaganyň irki ösüşi, maýyplygy bolan çagalary goldamak, howa durnukly «ýaşyl mekdepleri» ösdürmek, ýaşlary işjeňlige çekmek hem-de çagalaryň bähbidine döwlet maliýe ulgamlaryny berkitmek ýaly meseleler bar.

 

Saparyň çäklerinde sebit direktory Mary welaýatyna baryp, Welaýat çagalar hassahanasynda hem-de 3-nji Saglyk öýünde boldy. Ol ýerlerde lukmançylyk işgärleri, ene-atalar we çagalar bilen duşuşyp, eneligi we çagalygy goramaga, irki ösüşe gönükdirilen maýa goýumlaryň ýerlerde hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga nähili kömek edýändigini gördi.

 

Aşgabatda Rejina de Dominiçis 74-nji synag inklýuziv mekdebinde bolup, çagalaryň inklýuziv bilim gurşawynda bilim alşy bilen tanyşdy. Mugallymlar we hünärmenler her bir okuwça şahsy goldawyň onuň özüne ynamyny artdyrmaga hem-de mümkinçiliklerini açmaga nähili ýardam edýändigi barada maglumat berdiler.

 

Şeýle hem sebit direktory Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşdy. Ol öz çykyşynda çagalaryň bähbitleriniň döwlet we jemgyýetçilik syýasatlarynyň merkezinde durmagynyň durnukly ösüş we parahatçylyk üçin aýgytly ähmiýete eýedigini nygtady.

 

Sapar Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili bilen geçirilen duşuşyk bilen jemlendi. Duşuşykda ÝUNISEF çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek we BMG-niň Çaganyň hukuklary boýunça komitetiniň 2024-nji ýyldaky Jemleýji belliklerini durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

 

Gunça BEGENJOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.