logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi
  03.08.2022
1067
Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi

     Her ýylyň 1-nji awgustyndan 7-nji awgustyna çenli, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy bilen, Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSGG-niň çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi dünýä ýurtlarynyň 170-den gowragynda geçirilýär. Bu hepdeligiň maksady ene süýdüniň çaganyň saglygyna peýdalydygy barada zenanlary habardar etmekdir.
        Ene süýdi çaga üçin iň ýokumly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Ol çagany içgeçmeden, gulak, dem alyş ýollarynyň kesellerinden we gaýry näsazlyklardan goraýar. Ene süýdi çaga üçin birinji 6 aýlykda has ýokumly iýmitdir. Onuň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ähli maddalar saklanýar we çaganyň iýmit maddalaryna, suwuklyklara bolan talaplaryny doly kanagatlandyrýar.
      Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 6 aýa çenli ýaşdaky çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi, soňra goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde, çaga azyndan 2 ýaşaýança ene süýdüni bermegi maslahat berýär. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeliginiň ýene bir maksady jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap bilýändigini düşündirmekdir.