logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /“Çaly-da derman, ýüňi-de”
  11.05.2022
1785
“Çaly-da derman, ýüňi-de”

Düýeleriň baş sanyny artdyrmak, olara mynasyp ideg etmek, etinden we süýdünden ýerlikli peýdalanmak, ýüňüni dokma önümçiliginde netijeli ulanmakda Tejen etrabynyň düýedarçylyk hojalygynyň esasy wezipeleridir. “Düýeli baý – düýeli baý”, “Düýe – dünýä, goýun – gazna”, “Düýe maly – dünýe maly” ýaly pähimleri döreden ata-babalarymyz onuň süýdüni, çalyny, agaranyny dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde peýdalanypdyrlar. Düýe ýüňi dünýä bazarlarynda çig mal hökmünde uly islege eýedir. Düýe dersinden tikilen çaryk gyşda sowukdan goraýar, suw geçirmeýär. Eti hem adam saglygy üçin ýokumly maddalara baýlygy bilen tapawutlanýar.        Geçmişde çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiz düýedarçylyga aýratyn üns berip, düýe malyny dünýe malyna deňäp saklapdyrlar. Düýe ýüňünden saçak, bilguşak, dyzlyk dokapdyrlar, ýorgan-ýassyk, don, ýeňsiz tikipdirler.
         Hünärmenleriň bellemegine görä, düýe süýdüniň düzüminde adam üçin zerur bolan ýagyň, uglewodyň, belogyň, mineral maddalaryň we witaminleriň 100-den gowragynyň saklanýandygy anyklanyldy. Olar bolsa bedenimiz tarapyndan ýeňil özleşdirip, aşgazan-içege ýollaryndaky dürli näsazlyklaryň, howply keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Düýe süýdüniň düzüminde süýt şekeri, belok, kazein, albumin we globulin ýaly witaminler saklanýar. Başga önümlerde duş gelmeýän kazein düýe süýdünde kalsiý fosfat toplumy görnüşinde ýerleşýär. Düýe çaly taýýarlanylanda birnäçe fermentleriň täsir esasynda kazein düýbüne çöküp, albumin we globulin suw görnüşinde süýdüň ýüzüne çykýar. Düýe süýdi zyýanly bedenjikleri öldüriji häsiýete eýedir.