logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Çekmejek bolsaň» - Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA
  22.06.2023
829
«Çekmejek bolsaň» - Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA

Çekme söýgi sallançagmyň bagyny,
Ýürekde yşk odun ýakmajak bolsaň.
Küle öwürme sen ýaşlyk çagyny,
Gerdenňe göterip çekmejek bolsaň.

Ilki özüň söýüp, neden sataşdyň,
Bar umydym, bar ykbalym, ataşdyň,
Uçganaklan otduň birden tutaşdyň,
Ynjytma, nur bolup çökmejek bolsaň.

Sözlerňi gaplapdym altyn-zerlere,
Özümi deňäpdim hüýr meleklere.
Howlukdym mydama bagta ýetmäge,
Gol uzatma, goldan çekmejek bolsaň.

Adyň ýüregimiň çuňňur gatynda,
Gursagym söýgüden doly wagtynda,
Daň ýyldyz deý çykanymda bagtyňdan,
Ezizleme, bagra basmajak bolsaň.

Ynandym boş sözden kän allaryňa,
Gül çemenli geleniňde ýanyma,
Ýatlaýaryn otlar salýaň janyma,
Indi bir örteme ýakmajak bolsaň.

Öçürip bilemok, söýgim köretdiň,
Gül ýüzüňe, hoş sözüňe zar etdiň,
Ahmyr çekdiripler şeýle har etdiň,
Ýalbarma, derdi deň çekmejek bolsaň.