logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Çekseň zähmet – ýagar rehnet
  18.05.2021
1303
Çekseň zähmet – ýagar rehnet

     Häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hem-de Garaşsyz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu günlerde ene ýere hyzmatdan bereket tapan adamlaryň ýadawsyz zähmeti, irginsiz aladalary bilen bilen kemala getirilen gök önümleriniň islendik görnüşlerini görmek bolýar. Tejenli daýhanlarymyz ene – toprakdan ýylda iki üç hasyly alyp, şeýle nygmatlary artygy bilen öndürýän ussat gök ekerançylar yhlasly zähmetlerini çekýärler.

    Tejen etrabynyň kärendeçileri özleriniň yhlasly zähmetlerini gaýgyrmany zähmet çekýärler. Ýagny, olar ene toprakdan ýer alma, kelem, badamjan, gawum, garpyz, kädi ýaly ekinleri ekip ýetişdirip, bol hasyl almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Gök ekinlere degişli bolan ýer almanynyň tohumynyň bölejikleri, öserjikleri we baldaklary arkaly köpeltýärler. Bakja önümlerine degişli bolan gawum, garpyz we kädini birnäçe görnüşlerini ekýärler. Işeňňir kärendeçiler bakja ekinlerini ýaz paslynda ekýärler we ähli ideglerini ýetirýärler.

      Şu günler ýylyň dowamynda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gök önümler, diňe bir Tejen şäherinde ýerleşýän ak bazarlarda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeginiň ak bazarlaryny hem-de dükanlaryny bezeýär.