logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /ÇEPBEKEÝ BOLMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
  14.07.2022
1639
ÇEPBEKEÝ BOLMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

  Statistik maglumatlara görä, dünýä ilatynyň ortaça 7%-i çepbekeý adamlar ekeni. Eýsem, çepbekeý bolmak aňsatmyka? Hakykatdan-da çepbekeýlere gaýçy, kompýuter syçanjygy, galam ýonguç, orak we ş.m. köpsanly sagakaýlar üçin niýetlenen ýönekeý predmetleri ulanmak aňsat däl. Ýöne birnäçe asyr mundan ozal dünýäniň käbir ýerlerinde çepbekeýleriň köpçülik tarapyndan halanmadyk döwri hem bolupdyr. Hatda häzirki wagtda hem Hindistanda, Pakistanda, Nepalda, Bangladeşde, Indoneziýada we Ýakyn gündogarda çep eliň bilen iýip-içmek, haýsydyr bir zady galdyrmak ýa-da birine uzatmak ýaly käbir hereketler gödek hasaplanýar.

Çepbekeýlere sag elini köp ulanmagy öwretmek zerurmy?

 Ýüzlerçe ýylyň dowamynda dünýäniň köp ýurtlarynda çepbekeýlige garşy göreş mekdepde başlanýardy, ýagny diňe sag eliň bilen hat ýazmaga rugsat berilýärdi.  Garşylyk görkezen çagalar babatynda bolsa gaty ýowuz we pedagogiki däl usullary ulanyp bilýärdiler.

Diňe ýaňy-ýakynda alymlar çepbekeýlere, aýratyn hem olar çaga wagtynda zorluk bilen sagakaýlyk öwretmegiň olaryň akyl taýdan ösmegine gaty erbet täsir edýändigini we olarda psihiki näsazlyklaryň bolmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar.  Statistika görä, sakawlap gepleýän çagalaryň her üçüsinden biri şeýle usul ulanylan çepbekeý çaga bolup durýar.  Emma, gynansak-da, bu çemeleşme käbir ýurtlarda henizem ulanylýar.

Çepbekeýlik ylmy taýdan nähili düşündirilýär?

Belli bolşy ýaly, çaganyň sag ýa-da çep eli has gowy dolandyrmak ukyby onuň islegi bilen däl-de, eýsem belli bir algoritmi öz içine alýan çaganyň beýnisiniň işleýiş aýratynlygy bilen amala aşýar.  Tebigy gurluşy boýunça adamyň beýnisiniň çep ýarym şary bedeniň sag ýarymyna, sag ýarym şary bolsa - çepe gözegçilik edýär. Ýaş çagalaryň bir gün sag elini, ertesi bolsa çep elini köpräk ulanýandygyna köp gabat gelinýär. Ýöne çagalar adatça iki ýaşyndan başlap, bir elini beýlekisinden has köp ulanýarlar.

Ata-enesi çepbekeý bolan çagalaryň özi hem köplenç çepbekeýlige ýykgyn edýärler.  Şeýle adamlar ösen duýgurlygy, gowy ýatkeşligi, reňkleri, sesleri, yslary çuňňur kabul edişi bilen tapawutlanýar.  Olarda nowatorlyk we döredijilik ukyby ösen bolýar.  Dünýä meşhur adamlaryň arasynda hem çepbekeýler köp.

Eýsem kimleri mysal getirip bolar?

Şu wagt dünýäde iň meşhur çepbekeýleriň biri Argentinaly futbolçy Lionel Messidir, ýöne ony dünýä ýüzüne tanadan zat onuň çep eli däl-de, garşydaşlarynyň derwezesine gollarynyň köpüsini geçiren çep aýagydyr.

Imperatorlardan Aleksandr Makedonskiý, Ýuliý Sezar, Napoleon Bonapart, tanymal alymlar Isak Nýuton, Iwan Pawlow we Albert Eýnşteýn hem çepbekeý bolupdyrlar.  Dörediji şahsyýetleriň arasynda hem çepbekeýler köp: suratkeşlerden Leonardo da Winçi, Pablo Pikasso, aktýorlardan Çarli Çaplin, Brýus Willis we aktrisa Merilin Monro, kompozitorlardan Wolfgang-Amadeý Mosart, Sergeý Rahmaninow we Pol Makkartni. Dünýä meşhur syýasatçylaryň arasyndan şa aýaly Wiktoriýa, premýer-ministr Winston Çerçil, Amerikanyň prezidentleri Jorj Buş, Bill Klinton we Barak Obama, telekeçi we milliarder Bill Geýts hem çepbekeýlere mysal bolup bilerler.

Her ýylyň 13-nji awgustynda çepbekeýleriň güni bellenip geçilýär.

Ramazan NURÝAGDYÝEW

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby