logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni
  17.06.2023
865
Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni

Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni her ýyl 17-nji iýunda bellenilip geçilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy 1994-nji ýylda döredildi. 

Konwensiýa döwletlerden şu güniň işini çölleşmäge we gurakçylygyň netijelerine garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna, şeýle hem Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine başlamaga talap edýär.

Şeýle hem BMG Baş Assambleýasy 2010-njy ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň dekabry aralygynda BMG-niň çöllere we çölleşmäge garşy göreş onýyllygy hökmünde yglan etdi. Maksady gurak ýerleri goramak boýunça çäreleri öňe sürmekden ybarat boldy.

Çölleşmegiň we gurakçylygyň netijeleri Azyk howpsuzlygy, açlyk we garyplyk bolup durýar. Netijede ýüze çykan jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy dartgynlyk gapma-garşylyklara, garyplaşmaga we ýerleriň zaýalanmagyna sebäp bolup biler. Bütin dünýäde çölleşmegiň köpelmegi, täze gaçybatalga we eklenç gözlemäge mejbur bolan garyplaryň sanyny millionlarça artdyrmak howpuny döredýär.

Mysal üçin, Russiýada çölleşmek prossesine sezewar bolan ýa-da bu babatda howply bolup biljek topraklaryň, umumy meýdany çaklamalara görä 50-100 mln gektara çenli ýetip bilýär. 

Çölleşmäni azaltmaga näme kömek edip biler? 

- Tokaýlary döretmek we olaryň meýdanyny giňeltmek;
- Suw dolanyşygyny üpjün etmek;
- Ýagyş suwlaryny ýygnamak;
- Topraklary baýlaşdyrmak we dökünlemek;
- Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň, kökleriň we tohumlaryň yzygiderli dikeldilmeginden ybarat tebigy ýerleri täzeden dikeltmek usuly.
 

Çölleşmä we Gurakçylyga garşy Bütindünýä güni belli bir mowzuga bagyşlanýar we olar boýunça amal edilýär.  

 

Gulamjan SALIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.