logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Çomuç” (latynça atlandyrylyşy Ferula) dermanlyk ösümligi barada
  09.04.2021
3369
“Çomuç” (latynça atlandyrylyşy Ferula) dermanlyk ösümligi barada

      Biziň ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri dürli keselleri we ýaralary bejermekde ösümlik dünýäsiniň giň baýlyklaryndan peýdalanmagy başarypdyrlar. Şonuň üçin biziň gadymdan gelýän milli tebipçiligimizde dermanlyk otlaryň orny uludyr. Şol dermanlyk otlaryň biri hem “Çomuç” diýlip atlandyrylýan ösümlikdir. Ol barada gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibinsinanyň “Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary” atly köp tomluk kitabynyň 2-nji we 5-nji tomlarynda giňişleýin beýan edilýär. Bu ösümligi milli tebipçilikde köki we baldagy ulanylyp, olar hem adamyň iýmit siňdiriş we dem alyş ulamlary bilen baglanşykly döreýän keselleri bejermekde giňden peýdalanylýar. Ol daglaryň çygly derelerinde gyrymsy agaçlaryň töwereginde duş gelýär (Köýten dagynda we merkezi Köpetdagynda). Bu seýrek duş gelýän dermanlyk ösümliginiň Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan 10-12 kilometr günortada ýerleşen “Gähel çykan” jülgesinde hem ösüp ýetişýändigini bellemek zerurdyr.

“Çomuç” dermanlyk ösümliginiň ýene-de bir artykmaç taraplarynyň biri hem ol dünýäde adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýan ösümlikleriň 1-nji bäşligine girýändigini aýratyn bellemeklige degişlidir.