logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /«CONFINTEA VII» onlaýn duşuşygy geçirildi
  17.05.2023
729
«CONFINTEA VII» onlaýn duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Merkezi Aziýada Uly ýaşlylara bilim bermek boýunça ýedinji halkara konferensiýasynyň «CONFINTEA VII» netijeleri boýunça sebitleýin onlaýn duşuşyk geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň degişli wekilleri we Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan wekiller şeýle-de biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň baş hünärmenleri Gurbanbagt Baljikowa, Amanbibi Hudaýgulyýewa dagylar gatnaşdylar.

Her ýurduň wekilleri öz çykyşlarynda esasan hem bu ugurda uly ýaşlylara  bilim bermek boýunça (ALE) geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek ýaly bilelikdäki hereketi durmuşa geçirmek üçin milli derejede edilmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 15-17-nji iýuny aralygynda Marokko Patyşalygynyň Marrakeş şäherinde geçirilen Uly ýaşlylar bilimi boýunça ýedinji halkara konferensiýasyna (CONFINTEA VII) rugsat berildi. BMG-niň Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Durnukly ösüş maksatlary (SDG) kabul edileli bäri ilkinji «CONFINTEA» konferensiýasy we DÖM-lara ýetmek üçin halkara jemgyýetçiligi üçin iň möhüm waka boldy.