logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Çopantelpegiň peýdasy hakynda
  10.12.2020
5342
Çopantelpegiň peýdasy hakynda

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň öňe süren sagdyn durmuş ýörelgeleri biziň jemgyýetimizde barha rowaçlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem giňişleýin bellemeklik bilen, Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy kitabyndan ugur alyp, derman ösümlikleriniň peýdaly häsiýetleri dogrusynda hem belläp geçilýär.

      Aýratynda çopantelpek otynyň peýdaly taraplary, bu dermanlyk ösümligiň kesellerden goranmakda ygtybarly serişdedigi barada ýaşlara terbiýeçilik ähmiýetli maslahatlaryny berýärler. Dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda iň giňden ulanylýanlaryň biri-de çopantelpekdir.Çopantelpek çaýy örän belli bolany sepäpli, ony dermanhanalardan-da satyn almak mümkin.Tebipçilikde bu ösümlik agyrysyzlandyrjy, sowuklama garşy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragyryda, bogunlaryň çişmesinde (artritde) we beýleki çişmelerde haýyr edýär.

Bu täsin ösümlik içege kesllerini bejermekde, içiň ýellenmegi sebäpli döredýän agyrylary aýyrmakda hem giňden ulanylýar. Çopantelpegi gyzdyrmada, basykda (anginada), dümewlemede ýuwanrak çaý görnüşinde köp mukdarda içmek maslahat berilýär. Böwrek kesellerinde çopantelpeli, süýtli çaý içmek maslahat berilýär. Çopantelpegiň taýarlanyşy 4 nahar çemçesi guradylan çopantelpegiň üstüne 1 bulgur gaýnap duran süýt guýmaly we agzyny ýapyp 30 minut saklamaly. Soňra demlemäni süzmeli, her nahardan ýarym sagat öň 3-4 owrut içmeli. Bu çaýy 2 hepdäniň dowamynda içmeli.Şeýle çaýy uzak wagtlap saklamak maslahat berileýär. Çopantelpek aslynda biziň ýurdumyzyň dag eteklerinde duş gelýärdi.Ol indi diňe ýabany ösümlik bolaman eýsem medenileşdirilip, dünýäniň ähli hünjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Çopantelpegi gülläp başlaýanda, köküni alman ýygnamak maslahat berilýär.