Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÇOPANTELPEK
  12.04.2020
802
ÇOPANTELPEK

     Türkmenistan Watanymyz müň bir derde em boljak dermanlyk ösümliklere iňňän baýdyr. Hut şu sebäbe görä-de, diýarymyzyň tebigy baýlyklarynyň rejeli peýdalanmagyny, daşky gurşawy, ýurduň täsin tebigatynyň köp öwüşginligini we gözelligini aýap, gorap saklamak, ony nesillerimize tebigy durkunda we has hem baýlaşdyryp, miras goýmak boýunça örän ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

      Türkmenistanda Köpetdagyň, Kiçi we Uly Balkan daglarynyň, Köýtendagyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Köpetdagyň ösümlikler dünýäsi özboluşly görnüşi baýlygy bilen haýran galdyrýar. Bäherden etrabynyň çägindäki Köpetdagyň eteginde bitýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda giňden ulanylýanlaryň biri-de çopantelpekdir. Çopantelpek çaýy örän belli bolany sebäpli, ony dükanlarda-da, dermanhanalarda-da satyn almak mümkin.

      Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi çagalar üçin, uzak wagtlap dartgynly emossional ýagdaýda bolanlar üçin hem peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriň biridir.

      Tebipçilikde bu ösümlik agyrysyzlandyryjy, sowuklama garşy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragyryda, bogunlaryň çişmesinde (artritde) we beýleki çişmelerde haýyr edýär. Bu täsin ösümlik içege kesellerini bejermekde, içiň ýellenmegi sebäpli döreýän agyrylary aýyrmakda hem giňden ulanylýar. Çopantelpegi gyzdyrmada, anginada, böwrek kesellerinde, dümewlemede ýuwanrak çaý görnüşinde köp mukdarda içmek maslahat berilýär. Çopantelpegiň güllerinden taýýarlanylýan şampun saçlara oňaýly täsir edýär. Şeýle hem bu ösümligiň gülleri allergiki täsire garşy serişde hökmünde dürli melhemlere goşulýar. Ösümligiň efir ýaglary bolsa parfýumeriýada ulanylýar. Çopantelpegiň guradylan gülleri dürli mör-möjeklere garşy serişde bolup hem hyzmat edýär.

       Çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy bilen garmaly. Bu garyndyny birnäçe gat hasa siňdirip, ýüzüňize ýapyň. Ony 15 minutlap saklaň, soňra mylaýym suw bilen ýuwnuň we ýüzüňize adaty gündiz kremini çalyň. Bu ýapgy ýüzüňiziň ter bolmagyny, wagtyndan öň garramazlygyny üpjün eder. Şeýle hem derasty myşsalarynyň salparmazlygyna ýardam eder.